30-njy noýabrda «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk Forumynyň 14-nji mejlisine gatnaşmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon tarapyndan kabul edildi.

Işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşligiň barşynda taraplar golaýda türkmen paýtagtynda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň agza-döwletleriniň Baştutanlarynyň 15-nji Sammitiniň netijelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunlukda, köptaraplaýyn duşuşygyň bu abraýly halkara guramasynyň çäklerinde özara gyzyklanma bildirilýän meseleleriň giň toplumy boýunça pikirleriň alşylmagy üçin oňyn meýdança bolup hyzmat edendigi bellenilip geçildi.

Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň gün tertibiniň derwaýys meselelerine geçmek bilen, taraplar türkmen-täjik özara hereketleriniň yzygiderli ösdürilýändigi nygtadylar. Ýurtlaryň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň ugurlarynyň giňeldilmegine, şol sanda medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň has-da çuňlaşdyrylmagyna ygrarlydyklary hem beýan edildi.

Şonuň ýaly-da, saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministri Çon Yý Ýon bilen hem gepleşikleri geçirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda ministrler Türkmenistanyň Koreýa Respublikasy bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde alnyp barylýan hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň oňyn depginini kanagatlanma bilen belläp geçdiler.

Bu ugurda diplomatlar yzygiderli köpugurly konsultatiw meýdança hökmünde çykyş edýän «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň işine ýokary baha berdiler. Şunda onuň energetika, infrastruktura, ulag we logistika, ylym we tilsimatlar, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary, sanlylaşdyrmak, dokma we tokaý senagaty, oba hojalygy, howanyň üýtgemegi we daşky gurşaw, saglygy goraýyş, syýahatçylyk we medeni-ynsanperwer ulgamyndaky özara hereketler ýaly ugurlar boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ähmiýetli goşant goşýandygy hem nygtaldy.