30-njy noýabrynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy, şeýle hem 2021-nji ýylyň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Parahatçylygyň medeniýeti» atly halkara webinary geçirildi.

Webinara dünýäniň 15 ýurdundan 40-dan gowrak medeniýet ulgamynyň wekilleri gatnaşdylar.

Çäräniň çäklerinde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Ç.Rustemowa, Ukrainanyň Çagalar üçin milli kitaphanasyň Baş müdiri A.Gordiýenko, Ýerewanyň K.Stanislawskiý adyndaky Rus drama teatryň Baş direktory M.Mhitarýan, Belarus döwlet filarmoniýasynyň Baş direktory A.Nikita we başgalar çykyş etdiler.

Gatnaşyjylar öz çykyşlarynda bu webinaryň geçirilmeginiň diňe bir halkara medeni gatnaşyklary berkitmekde däl-de, eýsem jemgyýetiň medeni ösüşi arkaly parahatçylygy we durnuklylygy gazanmakda aýratyn ähmiýetini bellediler. Bu babatda çykyş edenler, uly ösüşiň, medeniýetiň, şol sanda edebiýatyň we sungatyň dörän ýerinde parahatçylyga, agzybirlige we hoşniýetlilige has güýçli islegiň bardygyny adamzadyň köpasyrlyk taryhynyň subut edýändigini nygtadylar.

Şeýle hem çäräniň barşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ruhy we ahlak kadalarynyň we gymmatlyklarynyň ösmegine goşant goşýan türkmen halkynyň milli däp-dessurlaryny gorap saklamakda we ösdürmekde edýän hemmetaraplaýyn tagallalary barada gürrüň edildi.

Bellenilişi ýaly, «medeniýet» düşünjesi adamzadyň iň gowy üstünliklerini birleşdirýär. Ýer ýüzünde ýaşaýan her bir halkyň öz aýratynlyklary, taryhy geçmişi, baý medeni mirasy bardyr. Taryhy müňlerçe ýyla uzap gidýän türkmen halky, öz çäginde birnäçe etnik toparlaryň mirasdüşeri bolup durýar.

Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasynda uzak möhletleýin gatnaşyklaryň dowamynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň kesgitlenilendigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Hökümeti bilen ÝUNESKO-nyň arasynda 2021-2023-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnamanyň çäklerinde köp sanly taryhy we medeni ýadygärlikleriň hem-de senetleriň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşmak boýunça işleriň güýçlendirilmegi barada aýdyldy. Türkmenistanyň «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» atly hödürnamasynyň, şeýle hem Ahalteke atlaryny seýislemek sungaty we türkmen Alabaýlary ýetişdirmek sungaty ýaly özboluşly türkmen sungatlaryny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça dowam edýän işleriň ähmiýeti bellenip geçildi.