Germaniýada sentýabr aýynda Bundestaga geçirilen saýlawlarda ýeňiş gazanan partiýalar täze hökümet gurmak barada ylalaşdylar. Şeýlelikde, ýurtda ozal federal derejede koalisiýa goşulmadyk syýasy güýçler tarapyndan Ministrler Kabineti dörediler. Olar Sosial-demokratlardan (SPD), «Soýuz-90 Ýaşyllardan» we Erkin demokratik partiýadan (FDP) ybarat bolup, oňa Sosial-demokratik partiýanyň lideri Olaf Şols ýolbaşçylyk eder. Şols 8-nji dekabrdan gijä galman kansler saýlanyp, Angela Merkeliň ornuny tutar. Koalisiýa baradaky şertnamanyň bolsa ýakyn günlerde gutarnykly tassyklanjakdygy habar berilýär.
– «Swetofor» koalisiýasy döredildi. Sosial demokratlar, «ýaşyllar» we erkin demokratlar koalisiýa şertnamasyny tassyklap, koalisiýa hökümetini döretmäge razy boldular. Indi bu şertnamany partiýalarymyzda ses bermäge geçireris we ýakyn wagtda partiýalarymyz tarapyndan tassyklanmagyny üpjün etmek üçin elimizden gelenini ederis – diýip, Germaniýanyň Sosial-demokratik partiýasynyň başlygy Olaf Şols Berlinde geçirilen metbugat ýygnagynda aýtdy.
Täze hökümetiň maksatnamasynyň esasy ugurlarynyň biri howanyň üýtgemegine garşy göreşmekden ybarat bolup, 2030-njy ýyla çenli ýurt kömür energiýasyndan ýüz öwürmegi we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ulanylyşyny giňeltmegi meýilleşdirýär. Bu koalisiýa üç partiýanyň nyşanlarynyň reňklerine görä, «Swetofor» diýlip atlandyryldy.
Sentýabr aýynda Bundestaga geçirilen saýlawlarda Olaf Şolsuň Sosial-demokratik partiýasy birinji orny eýeläp, bu üç partiýa ynamly köplük gazandy. Eger-de üýtgeşiklik bolmasa täze ýyldan öň 16 ýyllap hökümete ýolbaşçylyk eden Kansler Angela Merkel we onuň kabinetiniň ministrleri öz borçlaryny ýerine ýetirmeklerini bes ederler. Angela Merkeliň, Hristian-demokratik koalisiýasy sentýabryň ahyrynda Bundestaga geçirilen saýlawlarda ikinji orny eýeledi.