Fran­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Em­ma­nu­el Mak­ron we Ita­li­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Ma­rio Dra­gi Rim­de da­şa­ry sy­ýa­sat we me­de­ni­ýet pu­da­gy bo­ýun­ça hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mä­ge gö­nük­di­ri­len iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­lyk şert­na­ma­sy­na gol çek­di­ler. Ita­li­ýa­nyň Pre­zi­den­ti­niň köş­gü­niň adyn­dan ugur al­nyp «Kwi­ri­nal şert­na­ma­sy» diý­lip at­lan­dy­ry­lan bu şert­na­ma yk­dy­sa­dy­ýet, se­na­gat, me­de­ni­ýet, bi­lim, howp­suz­lyk we da­şa­ry gat­na­şyk­lar ýa­ly giň ugur­la­ry öz içi­ne al­ýar. 1963-nji ýyl­da­ky fran­suz-ger­man şert­na­ma­sy­na esas­la­nyp dö­re­di­len Kwi­ri­nal şert­na­ma­sy­nyň Pa­riž bi­len Ri­miň has-da ýa­kyn­laş­ma­gy­na se­bäp bol­jak­dy ha­bar be­ril­ýär.
Fran­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Em­ma­nu­el Mak­ron we Ita­li­ýa­nyň öň­ki Prem­ýer-mi­nist­ri Pao­lo Jen­ti­lo­ni şeý­le şert­na­ma­ny 2017-nji ýyl­da ara alyp mas­la­hat­la­şyp­dy­lar. Ýö­ne 2018-nji ýyl­da Ita­li­ýa­da sag­çy koa­li­si­ýa hä­ki­mi­ýe­te ge­len­soň bu me­se­le yza süý­şü­ri­lip­di. Ýö­ne Ma­rio Dra­gi­niň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky hö­kü­met şert­na­ma bo­ýun­ça iş­le­ri jan­lan­dyr­dy.
Dra­gi­niň hö­kü­me­ti Pa­riž bi­len gat­na­şyk­la­ry go­wu­lan­dyr­mak we Ita­li­ýa­nyň äh­mi­ýe­ti­ni Ýew­ro­pa de­re­je­sin­de ýo­kar­lan­dyr­mak is­le­ýär. Şeý­le hem Mak­ron Ita­li­ýa bi­len gat­na­şyk­la­ry ber­kit­mä­ge ta­gal­la ed­ýär. Şert­na­ma Fran­si­ýa­nyň ÝB-niň baş­lyk­ly­gy­ny ka­bul et­me­gin­den bir­nä­çe hep­de öň gol çe­kil­di. Gel­jek ýyl ýurt­da Pre­zi­dent saý­law­la­ry hem ge­çi­ri­ler.
Ita­li­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Ma­rio Dra­gi­niň pi­ki­ri­çe, bu şert­na­ma iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­mak­dan baş­ga-da Ýew­ro­pa­nyň bir­leş­me­gi­ne go­şant goş­ýar. Fran­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Em­ma­nu­el Mak­ro­n bu ta­ry­hy şert­na­ma­nyň iki döw­le­tiň ara­syn­da­ky dost­lu­gy tas­syk­la­ýan­dy­gy­ny we güýç­len­dir­ýän­di­gi­ni aýt­dy.
– Biz wo­do­rod ýan­gy­jy, mag­lu­mat­la­ry sak­la­mak we gaý­ta­dan iş­le­mek hem-de kos­mos ýa­ly umu­my Ýew­ro­pa­nyň gy­zyk­lan­ma­la­ry­na la­ýyk gel­ýän iri tas­la­ma­la­ryň çä­gin­de bi­le­lik­dä­ki he­re­ket­ler ba­ra­da ka­rar­la­ry ka­bul et­dik. Kos­mos şert­na­ma­sy ýurt­la­ry­my­zyň pu­dak­la­ry­na tä­ze iter­gi be­rip, ol dür­li ugur­lar­da bi­ziň işi­miz üçin ga­ty mö­hüm­dir. Baş­lan­gyç we beý­le­ki tä­ze tas­la­ma­lar ba­ba­tyn­da-da bir­nä­çe me­se­lä­ni ara alyp mas­la­hat­laş­dyk. Bu hyz­mat­daş­ly­gy­my­zyň ta­ry­hyn­da mö­hüm ädim – di­ýip, Fran­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Em­ma­nu­el Mak­ron aýt­dy.