Serbiýanyň paýtagty Belgradyň günbatar çetindäki Makisko etrabynda metronyň gurluşygyna başlandy. Bu barada şäher häkiminiň orunbasary Goran Wesiç habar berdi. Häkimiýetler bu taslamany ilkinji gezek 1970-nji ýylda mälim edipdiler. Şeýlelikde, Belgrad metrosynyň gurluşygy meýilleşdirilen wagtyndan 50 ýyl soň başlandy. Belgrad 2030-njy ýyla çenli 43 stansiýaly 42 kilometr uzynlygyndaky iki metro ugruna eýe bolar.
– Iki metro liniýasynyň bahasy, takmynan, 4,6 milliard ýewro deň bolar – diýip, Wesiç belledi.
Ýanwar aýynda Serbiýanyň hökümeti we paýtagtyň administrasiýasy Belgradda metro gurluşygy bilen baglanyşykly fransuz kompaniýalary «Alstom» we «Egis Rail», şeýle hem Hytaýyň «Power Construction Corporation of China» korporasiýasy bilen özara düşünişmek barada ylalaşyga gol çekdi. Fransuz kompaniýalary elektromehanika, otly, wagon, rels, elektrik üpjünçiligi bilen meşgullanyp, taslamanyň 30% bahasyny emele getirer. Şol bir wagtyň özünde gurluşyk işlerine çykdajylaryň, takmynan, 70%-i hytaý kompaniýasy tarapyndan amala aşyrylar. Pariž bilen Pekin örän amatly şertlerde berjaý edýän işleriniň mukdaryna görä, karz bermegi meýilleşdirýär.