Çehiýada 8-9-njy oktýabrda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazanan «Bilelikde» liberal koalisiýanyň lideri, sagçy liberal raýat demokratik partiýasynyň başlygy Petr Fiala Çehiýanyň Premýer-ministri boldy. Çehiýanyň Prezidenti Miloş Zeman döwlet baştutanynyň Pragadaky «Lana» rezidensiýasynda geçirilen dabarada:
– Men sizi hökümet başlygy edip belleýärin, bu wezipede Çehiýanyň ähli raýatlarynyň peýdasyna üstünlik arzuw edýärin – diýdi.
Petr Fiala Brnodaky Masaryk uniwersitetiniň filosofiýa fakultetini gutardy. 1990-njy ýyllaryň başynda metbugatda işledi, soňra uniwersitete dolandy. 2004-2011-nji ýyllarda Masaryk uniwersitetiniň rektory wezipesine iki gezek saýlandy. Onuň ýolbaşçylygynda uniwersitet Merkezi we Gündogar Ýewropa ýurtlarynda meşhurlyk gazandy.
2011-nji ýylda Petr Fiala hökümet başlygynyň ylmy geňeşçisi boldy we bir ýyldan soň Bilim ministrligine ýolbaşçylyk etdi. Ol 2013-nji ýylda ilkinji gezek Çehiýanyň parlamentine saýlandy we Raýat demokratik partiýasynyň (CDP) agzasy boldy we bir ýyldan soň bolsa başlyk saýlandy. Piter Fiala Çehiýanyň Ýewropa Bileleşiginiň işlerine işjeň gatnaşmagynyň tarapdary. Öýlenen, üç çagasy bar.