Awstraliýanyň hökümeti kömre garaşlylygyny azaltmaga mümkinçilik tapdy. Ýurt deňiz energiýasy bilen üpjün etmek infrastrukturasy boýunça ýel energiýasyna bölekleýin geçmäge mümkinçilik berýän kanun taslamasyny kabul etdi. Bu ädim ýurduň ilkinji birnäçe milliard dollarlyk «Star of the South» taslamasyna oňyn täsir etdi.
– Bu kanun taslamasy täze pudagy açmak, Awstraliýanyň deňizdäki ýel energiýasyny döretmek we ykdysady mümkinçilikleri durmuşa geçirmek üçin möhümdir – diýip, «Star of the South» kompaniýasynyň baş direktory belledi. Taslamanyň çäginde 2025-nji ýyldan başlap 2,2 gigawat kuwwatly ýel turbinasynyň gurluşygyna başlamak meýilleşdirilýär.
Deňizdäki ýel energiýasy Awstraliýa üçin gazylyp alynýan energiýa serişdelerine täze alternatiwa bolup biler. Ýurduň energiýasynyň 52 göterimi ekologiýa üçin iň zyýanly hasaplanýan ýangyç bolan kömürden alynýar, 21 göterimi bolsa gazdan öndürilýär. Täzelenýän energiýa çeşmeleri bary-ýogy 24 göterimi düzýär. Noýabr aýynyň başynda ýurduň hökümeti howa ýagdaýlary sebäpli döwlet karzynyň artmagynyň mümkindigini habar berdi. Kömre has köp bil baglanýan Awstraliýada maýadarlaryň «ýaşyl» taslamalara maýa goýmak isleýändigi habar berilýär.