29-njy noýabrda Şwesiýanyň parlamenti Sosial-demokratik zähmet partiýasynyň baştutany Magdalena Anderssony ikinji gezek Premýer-ministr wezipesine saýlady. Anderssonyň dalaşgärligine, azyndan, 175 ses zerur bolup, 101 deputat ses berdi, 173-si garşy çykdy, 75 mejlis agzasy saklandy. Premýer-ministr wezipesine saýlanan Andersson ýurtda bu wezipäni eýelän ilkinji zenan boldy. Andersson geçen hepde Premýer-ministr saýlanandan soň, býujet taslamasynyň parlamentden geçmänligi üçin işinden çekilipdi.