Germaniýa Federatiw Respublikasynyň täze kansleriniň saýlanmagyna garaşylýan Germaniýanyň Bundestagynda ses berişlik 8-nji dekabrda geçiriler. Bu barada ýurduň Parlamentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Metbugat gullugy penşenbe güni žurnalistlere federal kansleriň saýlanmagy üçin 8-nji dekabrda geçiriljek ýygnaga çakylyk iberdi.

Bu ses berişlikde Sosial-demokrat Olaf Şolzuň Kansler bolmagyna garaşylýar. Ol 26-njy sentýabrda Bundestaga geçirilen saýlawlardan soň “Ýaşyllar” we “Erkin Demokratik partiýasy” bilen birlikde döredilen Sosial-demokratlaryň koalisiýasyna ýolbaşçylyk edýär. Germaniýanyň häzirki kansleri Angela Merkel täze  kansleriň bellenilmegi bilen ygtyýarlyklaryny bes eder.