Saud Arabystanynyň ilkinji ýaryş piloty Rima Juffali şu hepdäniň ahyrynda Jidde şäherinde geçiriljek “Formula 1 Grand Pri”-si üçin ilçi hökmünde bellendi. 29 ýaşly zenan pilot özüniň jemgýýetçilik tory hasabynda ilçi saýlananyna çendenaşa buýsanýandygyny ýazdy.
Şeýle hem Juffali Italiýanyň gündelik “La Stampa” gazetinden Stefano Mançinä interwiýu berdi. Ol öz ýurdunda sport rewolýusiýasynyň öňbaşçysy bolmagy umyt edýändigini belleýär. Ol “Formula 1” bilen bagly ilkinji ýatlamalarynyň Mihael Şumaheriň hem-de Aýrton Sennanyň gatnaşan “Monaco Grand Pri” ýaryşydygyny belleýär. Ol birnäçe ýyl geçenden soňra arzuwyny amala aşyrandygyny we munuň üçin göreşendigini aýdýar. Juffali gyzlar üçin maýa goýum goýulmalydygyny we oglanlar bilen deň mümkinçilikleriň döredilmelidigini belleýär.
Saud Arabystanynda 2018-nji ýylda zenanlaryň awtoulag sürmegine rugsat berlipdi. Formula 1 boýunça möwsümiň 21-nji ýaryşy 5-nji dekabrda Jidde şäherinde geçiriler.