Gadymy tapyndylaryň, gymmatly ýadygärlikleriň ýerleşdirilen we goralyp saklanýan ýeri bolan muzeýler örän ähmiýetlidir. Grek dilinden gelip çykan muzeý sözi ilkibaşda islendik tapyndyny ýa-da kolleksiýany aňladýan bolsa, bu düşünje häzirki wagtda gymmatly eksponatlaryň ýerleşýän medeni maksatly edarany häsiýetlendirýär. Häzirki döwrebap muzeýleriň ilkinji nusgasy b.e.öň 290-njy ýylda Aleksandriýada “Museyon” ady bilen döredilipdir. Onda köp sanly otaglar, naharhana bolup, olaryň birinde biziň döwrümize çenli saklanyp galan meşhur Aleksandriýa kitaphanasy hem bolupdyr.

Köne asyryň muzeýleri

Gadymy Gresiýada birnäçe söweşlerde ele salnan sungat eserleri, heýkeller we beýleki medeni zatlar saklanýan binalar bolupdyr. Orta asyr ybadathanalarynda gadymy golýazmalary, şaý-sepler görkezilipdir. XV asyrda meşhur Lorenzo de Mediçi heýkeltaraşlygy döretmek hakda görkezme beripdir. Hut şol asyrlarda uzyn dälizli binalary gurup onda suratlary we heýkelleri goýmak däp bolupdyr. Bu ýagdaý soňlugy bilen Ýewropa gysga wagtda ýaýrap başlapdyr.

Döwrebap muzeýler

Häzirki wagtda dünýäniň köp tanymal adamlary, işewürleri hususy kolleksiýalaryny giňeltmek, baýlaşdyrmak we sergä goýmak maksady bilen döwrebap muzeýleri döredýärler. Ilkinji döwrebap muzeý 1753-nji ýylda Londonda döredildi. Oňa baryp görmek üçin ýazmaça rugsat gerek bolupdyr. Emma ilkinji jemgyýetçilik muzeýi hökmünde 1793-nji ýylda döredilen Luwr muzeýi hasaplanýar.

Muzeýleriň görnüşleri

Muzeýler saklanýan eksponatlary babatda hem tapawutlanýarlar.

Çagalar muzeýi. Çagalara we ýetginjeklere gönükdirilen ylmy we bilim ugrundaky jemgyýetçilik edarasynyň bir görnüşidir. Bu muzeý dürli mowzuklara bagyşlanyp, çagalar üçin täsirli gezelençleri hödürleýär.

Bölüm muzeýleri. Oňa guramalaryň, meşhur we öňdebaryjy edara-kärhanalaryň muzeýleri girýär.

Wirtual muzeýler. Ondaky eksponatlara internet ulgamy arkaly ýa-da dürli sanly köpçülikleýin habar beriş serişdelerini ulanmak bilen tomaşa etmeklik bolýar. Olaryň ilkinjileri hakyky muzeýleriň web sahypalarydy.

Interaktiw muzeýler. Jemgyýetçilik muzeýleri XIX asyrda peýda bolanda eksponatlar aýna gaplaryň aňrysynda görkezilip başlandy we el degirmek gadagan edildi. Bu ýagdaý häzir hem köp ýerde şeýle. Häzirki wagtda kompýuter tehnologiýasy arkaly muzeýlere tomaşa etmek elýeterli boldy.

Taryhy-arheologik muzeýler. Bu muzeýler taryh we ülkäni öwreniş eksponatlary öz içine alýar. Käbiri aýratyn taryhy döwürlere degişlidir.

Çarwa muzeýleri. Adyndan hem belli bolşy ýaly, bu muzeýler wagtlaýyn bolup, ol dürli filmler düşürilende köp ulanylýar. Ilkinji çarwa muzeýi 2005-nji ýylda Nýu-Ýorkda açylyp, 2006-njy ýylda Kaliforniýa, 2007-nji ýylda Tokio, 2008-nji ýylda Meksika baryp gördi.

Ylmy muzeýler. Dürli ylmy açyşlary, ylmy üstünlikleri we täzelikleri, ylmy tejribeleri özünde jemleýär. Häzirki ylmy muzeýleriň köpüsinde tehnologik ösüşleri açyp görkezýän esbaplar bar.

Ýöriteleşdirilen muzeýler. Bu muzeýler dürli hünär aýratynlyklaryna, dürli ugurlara (lukmançylyk, aýdym-saz, oýunjak muzeýi we ş.m) bagyşlanýar.

Hususy muzeýler. Tanymal şahsyýetleriň tagallalary, goşantlary bilen döredilen hususy eýeçiligindäki muzeýlerdir. Onda estetiki, medeni we ylmy gyzyklanmalar açylyp görkezilýär.

Etnografik muzeýler. Etnologiýa, antropologiýa degişli bolan tapyndylary, artefaktlary öwrenmek we ýygnamak bilen meşgul bolýar.

1946-njy ýylda dünýä ýüzündäki muzeýleriň işini goldamak maksady bilen ICOM (International Council of Museums) Halkara muzeýler geňeşi döredildi. Oňa dünýäniň 115 ýurdundan 27 500-den gowrak agza girýär we ol beýleki halkara guramalaryň ençemesi bilen hyzmatdaşlyk edýär.

Jahan Söýünowa,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.