Germaniýanyň dil jemgyýeti 2021-nji ýylyň sözüni ykrar etdi. Jemgyýetiň bilermenleri “Wellenbrecher” (gämi duralgasyny tolkunlardan goraýan gaçy) sözüni  saýladylar. Häzirki wagtda bu söz Germaniýada “Covid” bilen göreşmek üçin görülýän çäreleriň ählisinde giňden ulanylýar.

“Wellenbrecher”, ýagny, “gaçy” sözi göni manyda suw desgalarynyň kenaryndaky gidrawlik gurluşlary aňladyp, adatça, olar kenarýaka zolagyndaky möwjeýän tolkunlaryň güýjüni peseldip, ýüze çykyp biljek zyýanyň öňüni alýar. Şol bir wagtyň özünde epidemiologiýada keseliň ösüşi bilen baglanyşykly “tolkun” sözüniň ulanylýandygy hemmä mälimdir.

Koronawirusyň öňüni alyş çärelerini berjaý edýänler hem “Wellenbrecher” diýlip atlandyrylyp bilner. “Gaçy boluň!” diýip, Germaniýanyň dil jemgyýeti (GfdS) sözüň ulanylyşy babatda mysal getirýär.