Iňlis fizigi we matematigi Isaak Nýutonyň “Tebigy filosofiýanyň matematik başlangyçlary” atly ilkinji neşiri “Christie’s” auksionynda rekord bahadan, 3,7 million dollara satyldy. Bu kitap 1687-nji ýylda neşir edilipdir. Onda bütindünýäniň dartyş kanuny we häzirki wagtda Nýutonyň adyny göterýän üç sany hereket kanuny barada kesgitli düşündirilýär. Albert Eýnşteýn öz wagtynda bu düýpli işe “Megerem, bu adamzadyň iň uly akyl üstünligidir” diýip, ýokary baha beripdi.
Auksion öýünde söwda edilmezden öň, bu kitabyň 1 – 1,5 million dollardan köp baha satylmajakdygy çak edilýärdi, ýöne ady agzalmadyk müşderi bu del kitaby 3,7 million dollara satyn aldy. Bu häzirki wagta çenli satylan ylmy kitaplaryň arasynda iň gymmadydyr.
– Bu diňe taryhyň we ylmyň ösüşiniň bir bölegi däldir. Bu birwagt neşir edilen kitaplaryň iň özboluşlysydyr – diýip, Korollyk jemgyýetiniň kitaphanasynyň ýolbaşçysy Keýt Mur belläp geçýär.