“Fitch Ratings” halkara reýting edarasy global ykdysadyýet barada täze maglumatnama taýýarlady. “Global ykdysady garaýyş” atly maglumatnamada 2021-nji ýyldaky ösüşiň ozalky çaklanylyşy ýaly 6 göterim däl-de, 5,7 göterim boljakdygy bellenildi. Mundan ozal 2022-nji ýyldaky ösüş 4,4 göterim diýlip çaklanan bolsa, häzirki maglumatda bu görkezijiniň 4,2 göterim bolmagyna garaşylýandygy bellenildi. Mundan ozalky çaklama sentýabr aýynda ýaýradylypdy. Maglumatda ykdysady ösüşiň ozalky çak edilişinden az boljakdygy bellenilen hem bolsa, bu ösüşiň 1973-nji ýyldan soňky iň ýokary ösüş boljakdygy aýdyldy. Senagat önümçiliginde soňky döwürde ýüze çykan üpjünçilik zynjyrynyň bozulmagy sebäpli ABŞ, Germaniýa we Ýaponiýa ýaly ýurtlardaky ösüşiň ozalkydan pes boljakdygy bellenildi.

Ýewro sebitiniň ykdysadyýetiniň 2021-nji ýyldaky ösüş görkezijisi 5,2-den 5-e düşürildi. Ýewro pul birligini ulanýan ýurtlaryň 2022-nji ýyldaky ösüşi 4,5 derejede saklanar.

“Fitch”-iň maglumatynda Hytaýyň ykdysadyýetniň 2021-nji ýylda 8 göterim, geljek ýyl 4,8 göterim ösjekdigi bellenilýär.