“Dünýä halklarynyň sungaty” atly halkara birleşigi tarapyndan 2007-nji ýylyň 8-nji dekabrynda döredilen “Halkara suratkeşler güni” her ýyl giňden bellenilýär. Bu suratkeşlik hünäri halklaryň arasyndaky ýeke-täk sene däl. Beýleki ýurtlara ser salyp görsek, Ukrainada suratkeşler güni oktýabrda, Russiýa we Kursk sebitlerinde 9-njy awgustda, Lipetsk sebitinde bolsa 25-nji dekabrda bellenilýär.

Käbir döredijilik birleşikleri bu halkara güni 25-nji oktýabrda, ýagny XX asyryň iň beýik suratkeşi hasaplanýan Pablo Pikassonyň doglan güni bilen birlikde suratkeşler gününi belläp geçmegi teklip edýärler. Şonuň üçin hem hünärmen jemgyýetinde bu sene barada häzirem ylalaşyk ýok. Aýdymçylar güni diňe bir hünärmenler we sungat söýüjiler üçin baýramçylyk däl. Döredijilik adamda dünýäden lezzet almak we ony söýmek ukybyny saklaýar. Şonuň üçin bu günki “Halkara suratkeşler güni” gözelligi söýýän adamlaryň ählisine bagyşlanýar.

Suratkeşlik hünäri müňlerçe ýyl bäri dowam edip gelýän gadymy hünärdir. Gadymy Müsürde suratkeşlere uly hormat goýulypdyr. Reňkli şekilleriň adama jadyly täsir edýändigine ynanypdyrlar. Orta asyrlarda sungatyň esasy ugurlary nyşan şekillendiriş we mozaýka bolupdyr. Häzirki döwürde bolsa portret žanry giňden ýaýrap, şu günki günde hem öz işjeňligini ýitirmän gelýär. Suratkeşleriň çekýän ajaýyp suratlary bilen Gadymy Gresiýanyň dünýäsini görýäris, orta asyr Ýewropanyň durmuşyny göz öňüne getirip, dünýämiziň nähili ajaýypdygyna ýene bir gezek aýdyň göz ýetirýäris. Şekillendiriş sungaty bilen tanyşmak diňe bir bilimimizi we gözýetimimizi giňeltmäge däl-de, eýsem, bu ajaýyp dünýä goşulmaga mümkinçilik berýär. Bellenilýän baýramyň hormatyna şu gün ýer ýüzüniň birnäçe ýerlerinde dürli çäreler (açyk howada surat çekmek, halypa şägirtlik sapaklary, gurnama we çykyşlar) we medeni edaralarda, muzeýlerde, galereýalarda tematiki surat sergileri geçirilýär.

 

Hudaýkuly Işankulyýew,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.