Täze Zelandiýada çilimkeşligiň ýaş nesliň arasynda dolulygyna aradan aýrylmagy maksat edinilýär. Ýurtda 2027-nji ýyldan başlap, 2008-nji ýyldan soňra doglanlara çilim satylmaz. Geljek ýylyň iýunynda milli parlamente bu baradaky teklibi hödürlener. 2022-nji ýylyň ahyrynda güýje girjek düzgün bilen çilimiň satuwyny tapgyrlaýyn aradan aýrylmagy maksat edinilýär. Ýurduň saglygy goraýyş ministriň orunbasary Aýeşa Werrall häzirki öňüni alyş çäreleri bilen netije almak üçin onlarça ýyl gerekdigini belleýär. Werrall ýaş nesliň çilim çekmäge hiç hili başlamazlygyny üpjün etmegi maksat edinýändiklerini aýdýar. Öňüni alyş çäreleriniň arasynda çilimiň düzümindäki nikotiniň mukdarynyň azaldylmagy hem bar.

Şeýlelikde, Täze Zelandiýa temmäki önümleriniň bölek satuwynda iň berk düzgüni durmuşa geçiren ýurtlaryň biri bolar. Häzirki wagtda Butanda temmäki önümleriniň satuwy dolulygyna gadagan edilen.

Täze Zelandiýanyň iň ýakyn goňşusy bolan Awstraliýada bolsa, 2012-nji ýylda öndüriji kompaniýa garamazdan çilim gutularynyň birmeňzeş bolmagy we dükanlarda görünýän ýerde goýulmagy üçin kanun güýje girizilipdi. Bu düzgün çilimiň mahabatlandyrylmagynyň öňüni almak maksady bilen girizilipdi. Şeýle düzgün Täze Zelaniýada hem bar. Bu düzgüniň azda-kände çilim satuwyny peseldendigi bellenilýär.

Täze Zelandiýada  täze düzgünleriň güýje girmegi bilen 10 ýylda çilim çekýänleriň sanynyň iki esse azalmagyna garaşylýar.