1992-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan daşky gurşawyň arassalygyny gorap saklamak maksady bilen halkara konferensiýa geçirildi. Şol konferensiýada bütindünýä daglary goramak günini döretmeklik barada birnäçe tekliplere seredildi. 2002-nji ýyl bolsa Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan  “Daglar ýyly” diýip yglan edildi. Şu ýylyň 20-nji dekabr güni BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 57-nji sessiýasynda kabul edilen rezolýusiýa laýyklykda, her ýylyň 11-nji dekabry “Halkara dag güni” diýip yglan edildi.

BMG-nyň berýän maglumatlaryna görä, ýeriň üstüniň gury böleginiň  27% den gowragyny daglar eýeleýär. Dünýä ilatynyň 15% golaýy daglyk ýerlerde zähmet çekýärler. Häzirki wagtda daglyk ýerlerde işleýän adamlaryň üçden birinde azyk bolçulygyndan peýdalanmakda mesele ýüze çykýandygy belli edilen.

Bütindünýä daglar günini döredilmeginiň baş maksady dünýä jemgyýetçiliginde daglarda ýerleşýän tebigy çeşmelerden netijeli, tygşytly peýdalanmaklyk, daglyk meýdanlaryň ekologik arassalygyny gorap saklamakdan ybarat. Şeýle-de bu senäniň döredilmekligi netijesinde dag biodürliligini köpeltmeklik, daglyk ýerlerde ýaşaýan ilatyň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmaklyk göz öňünde tutylan.

Her ýyly 11-nji dekabr dürli maksatlary göz öňünde tutyp, dürli atlar bilen birnäçe çäreleri öz içine alýar. Geçen 2020-nji ýyl bolsa bu sene “Daglardaky biodürlilik” ady bilen geçirildi.

Ömür Söýünowa,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.