Halkara çaý güni ilkinji gezek 2005-nji ýylyp 15-nji dekabrynda Hindistanyň paýtagty Täze Delide bellenilýär. Şondan bäri Hytaý, Bangladeş, Indoneziýa, Nepal, Wýetnam, Keniýa, Malaýziýa, Uganda, Tanzaniýa ýaly öňdebaryjy çaý öndüriji ýurtlarda bellenilýär.

Dünýäde iň meşhur içimlik bolan çaýyň ekilmegi, gaýtadan işlenmegi we satylmagy bilen dünýäde millionlarça adamy iş bilen üpjün edýär.

Çaý içgi hökmünde Hytaýyň ikinji imperatory Şen Nung döwründe takmynan b.e.öň 2740-njy ýyllarda peýda bolupdyr. Wagtyň geçmegi bilen dünýäniň beýleki ýurtlaryna ýaýrapdyr.

Häzirki wagtda dürli ösümlikleriň ýapraklarynyň, gülleriniň, tohumlarynyň kökleriniň we miweleriň gabyklarynyň guradylmagy bilen taýýarlanýan demlemelere-de çaý diýilýär. Käbir halklar, şol sanda ýurdumyzda-da süýtli çaý hem içilýär. Köp ýurtda çaý içmek dessurlary bar. her kim başgaça içýän hem bolsa, dünýäde çaý hemmeler üçin tanyş we meşhur içimlik bolmagynda galýar.

 

Güljan Törekulyýewa,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.