Iňlis ertekisi
Gadym zamanlarda Fiona atly tilkijik kiçijik hininde ýeke özi ýaşaýan eken. Ol ýer ýyly we rahatmyşyn. Bir gün onuň bu hinini suw basypdyr. Fiona aljyraňňylyk bilen bu ýerden diňe gazanyny alyp çykyp ýetişipdir. Tilkijik az salym ýöränsoň ajygyp, iýmit gözlemäge başlapdyr, emma ýekeje-de zat tapmandyr. Bu ýagdaý birnäçe günläp dowam edensoň, ol halys tapdan düşüpdir. Tilkijik şonda-da umytdan düşmän, iýmit gözlemegini dowam etdiripdir. Ýöräp barýarka tokaýyň golaýyndaky bir obanyň üstünden barypdyr. Fiona obanyň ýaşaýjylaryndan nahar bermegini haýyş edipdir. Emma oňa nahar beren tapylmandyr. Towşanjyk ony «Git, şu ýerden!» diýip, kowup goýberipdir. Aýy bolsa «Ýoluň bilen boluber!» diýip gygyrypdyr. Iň soňunda bialaç belkanyň dükanyna barypdyr. Içerden «Dükanymyz ýapyk» diýen ses eşidilipdir. Fiona uludan demini alypdyr-da, derýa tarap ugrapdyr. Onuň kellesine täsin bir pikir gelipdir. Ol hälki ýany bilen alyp gaýdan nahar gabyny suwdan dolduryp, ot ýakypdyr. Soň bolsa gazana bir gysym daş salypdyr. Daş-töweregindäki beýleki haýwanlar bolsa Fionanyň bir zatlar bişirýändigini görüp, bilesigelijilik bilen onuň ýanyna barypdyrlar. Ilki bilen kirpi söze başlapdyr:
– Näme bişirýärsiňiz?
– «Daş» çorbasyny bişirýärin – diýip, tilkijik jogap beripdir.
– «Daş» çorbasy?! Hiç haçan eşitmändim – diýip, kirpi haýran galandygyny aýdypdyr.
– Dünýädäki iň tagamly çorba – diýip, Fiona ýylgyrypdyrda – Çorbamy ähli obalylar bilen paýlaşmakdan hoşal bolardym, ýöne ýeterlik harajadym ýok – diýip, uludan demini alypdyr.
Kirpi:
– Alada etmäň, çorbaňyz üçin gerek zatlaryň hemmesini size getirerin – diýipdir-de, ylgap gidipdir. Kirpi bu ýagdaýy synlap duran ähli haýwanlardan kömek sorapdyr. Soňra obanyň beýleki ýaşaýjylaryna tilkiniň dünýäniň iň lezzetli «daş» çorbasyny bişirip, hemmelere paýlamak isleýändigini, munuň üçin harajat gerekdigini düşündiripdir. Dünýäniň iň lezzetli çorbasyndan dadyp görmek isleýän haýwanlar ýerli-ýerden işe girişipdirler. Aýy «Men balyk tutaryn» diýipdir. Belka dükanyndan hoz getirjekdigini aýdypdyr. «Men bolsa kelem we käşir getirerin!» diýip, towşan hinine tarap bökjekläp gidipdir. Synlap duranlaryň arasynda samyr hem kem galmak islemeýän ýaly «Men terje kömelek getirerin!» diýipdir. Haýwanlar diýen zatlarynyň ählisini getirip, Fionanyň gazanyna salypdyrlar. Çorba gaýnap başlapdyr. Daş-töweregi ýakymly ys gurşap alypdyr. Az salymdan Fiona daşlary gazandan çykarypdyr. Soňra bolsa «Çorba taýýar!» diýip gygyrypdyr. Çorbany tabaklara guýup, ähli haýwanlara paýlapdyr. Bu çorba şeýle bir süýji bolupdyr welin, haýwanlar tilkiden baş aşpez bolmagyny haýyş edipdirler. Şol günden bäri Fiona ähli haýwanlar üçin dürli tagamlary taýýarlapdyr. «Daşly» çorbanyň nämedigini soranlarynda bolsa, Fiona gözüni gyrpyp, «Daş – gizlin syr. Ol hemmeleri bir ýere jemleýär» diýip, jogap beripdir.