Te­bi­gat­da ýaşaýan jan­darlaryň kä­bi­ri ba­ra­da köp zat bil­ýän bol­sak hem, kö­pü­si bi­ze he­niz nä­mä­lim. Bi­ze mä­lim bo­lan kä­bir jan­dar­la­ryň bol­sa örän tä­sin he­re­ket­le­ri, ukyp­la­ry bar. Bu örän geň ýag­daý. Ge­liň, ola­ryň kä­bi­ri­ni öw­re­ne­liň!

Ping­win. Uçup bil­me­ýän, em­ma ýü­züp bil­ýän ýe­ke-täk guş bo­lan ping­win­le­riň jüý­je­si ýu­murt­ga­dan iki aý­da çyk­ýar. Şeý­le uzak wagt­lap ýu­murt­ga­lar ýy­ly sak­lan­ma­ly bol­ýar. Bu wag­tyň do­wa­myn­da ping­win­ler iý­mit tap­mak üçin deň­ze awa gi­dip bil­me­ýär­ler. Olar şon­ça wagt hiç zat iý­män sak­lan­ýar­lar. Ýu­murt­ga­nyň ýy­ly­ly­gy­ny go­ra­mak üçin bol­sa ony ýe­lek­li de­ri­si­niň ara­syn­da sak­laýar­lar.
Slot­lar. Bu jan­dar­lar her gün, tak­my­nan, 20 sa­gat uk­la­ýar­lar. Oýa­nan­la­ryn­da şeý­le bir ha­ýal he­re­ket ed­ýär­ler we­lin, onuň be­de­nin­de su­wo­tu­lar ösüp bil­ýär. Şol su­wo­tu­lar bols ýyr­ty­jy­lar­dan go­ran­ma­ga kö­mek ed­ýär. Be­de­ni­ne ýa­py­şan ow­nuk mör-mö­jek­ler ony duş­man­la­ryn­dan go­ra­ýar.
Gur­çuk. Si­ziň pi­ki­ri­ňiz­çe haý­sy jan­dar köp iý­mit iý­ýär? Il­ki pil­ler we ýol­bars­lar göz öňü­mi­ze ge­len bol­ma­gy ah­mal, em­ma bu beý­le däl. Be­de­ni­niň ulu­ly­gy ha­sa­ba al­nan­da gur­çuk­lar has köp iý­ýär­ler. Po­li­fem at­ly gur­çuk­lar öm­rü­niň il­kin­ji 56 gü­nün­de öz ag­ra­myn­dan 86 müň es­se köp iý­mit iý­ýärler.
Dü­ýe. Dü­ýe­ler çy­dam­ly jan­dar hök­mün­de ta­nal­yp, gün­di­zi­ne aşa ys­sa, gi­je­le­ri­ne so­wu­ga çy­dap bil­ýärler. Dü­ýe­le­riň ör­küç­le­ri be­de­ni­niň gyz­gyn­ly­gy­ny ka­da­ly sak­la­ma­ga kö­mek ed­ýär. Ola­ryň ör­kü­jin­de köp muk­dar­da ýag bol­ýar. Ýe­ter­lik iý­mit we suw bol­ma­dyk wag­ty bu ýag ola­ra güýç-kuw­wat ber­ýär.
Pil. Haý­wan­la­ryň kä­bi­ri söz­le­ri az­da-kän­de ýat­da sak­lap bil­ýär­ler. Şeý­le jan­dar­la­ryň bi­ri hem pil­ler­dir. Bu jan­dar­lar dür­li söz­le­ri ta­pa­wut­lan­dy­ryp, adam­la­ryň be­den he­re­ket­le­ri­niň ma­ny­sy­na dü­şün­ýär­ler, eýe­si­ni se­sin­den ta­na­ýar­lar. Şeý­le hem pil­ler dost­laş­ma­gy hem ha­la­ýarlar.
Pyş­baga. Bu jandarlar adat­ça 120 ýy­la çen­li ýa­şa­ýarlar. 2006-njy ýy­la çen­li ýa­şan Ad­waý­ta at­ly pyş­dy­lyň 255 ýyl ýa­şan­­dy­gy aý­dyl­ýar. Onuň ag­ra­my 225 ki­log­ram eken.