Russiýanyň paýtagty Moskwada soňky 28 ýylda gar ýagmak rekordy täzelendi. Gar tupany şähere şu aýda ýagýan ortaça garyň 20 göterimini bary-ýogy 12 sagadyň dowamynda getirdi. Moskwanyň merkezinde garyň galyňlygy 50 santimetre ýetensoň, şäherdäki howa gatnawy ýatyryldy, şäheriçi gatnaw azaldy. Russiýadaky Fobos Meteorologiýa Merkeziniň uly hünärmeni Ýewgeniý Tişkowes Moskwanyň 28 ýyllyk gar rekordyny täzeländigini habar berdi. 1993-nji ýyldan bäri şeýle güýçli gar hasaba alynmandyr. Moskwanyň merkezinde 11 millimetrlik, şäheriň demirgazyk-günbatarynda 10 millimetr garyň ýagandygy hasaba alyndy. Tişkowes TASS habar gullugynyň habarçysyna ygalyň adaty däldigini, dekabr aýynda şähere ortaça 56 millimetr gar ýagýandygyny aýtdy. Häkimiýetler paýtagtdaky howa üçin “sary duýduryş” yglan etdi. Zerur bolmadyk halatynda hususy ulaglary sürmezlik barada duýduryş berildi.