“Audi” şereketi meşhur amerikan sürüjisi Ken Blok üçin ýörite täze, ýeke-täk görnüşi boljak “S1 e-tron quattro Hoonitron” ulagynyň elektrik energiýasy bilen işleýän modelini öndürdi. “Audi”n-iň “Sport Quattro S1 Pikes Peak” modelinden ylham alnan ýaryş ulagy has döwrebap we tehnologiki görnüşde peýda boldy. Ulag hakda tehniki maglumat ýaýradylmady. Ulagda iki sany elektrik hereketlendirijiniň bardygy, ýeňil materialdan ýasalandygy habar berildi. “Audi”-niň dizaýn topary adatça 1 ýarym ýyl dowam edýän prosesiň bary-ýogy 4 hepdäniň dowamynda tamamlanandygyny mälim etdiler.