Ummanlaryň, deňizleriň suwasty dünýäsi täsinliklerden doly bolup, ol özüniň biodürlüligi bilen gury ýerden tapawutlanýar. Şeýle täsinlikleriň biri-de daşyndan göräýmäge her dürli reňkli arçany ýadyňa salýan köp ösüntgili deňiz gurçugydyr. Onuň spiral şekilli görnüşi dürli reňkdäki ösüntgili bolup, gyzyl, sary, gök, ak bolýar. Bu owadan gurçuklar Hindi, Ýuwaş we Atlantik ummanlarynyň tropiki we subtropiki sebitlerinde giň ýaýrandyr. Aslynda ozal bu jandar diňe Karib deňzinde ýaşap, soňra beýleki suw zolaklara ýaýrapdyr. Demirgazyk suwlarynda hem seýrek ýagdaýda käbir görnüşleri duşýar.
Özboluşly jandar deňiz merjenleriniň üstünde ýaşap, onuň bölüp çykarýan maddalary bilen iýmitlenýär. Iki jandaryň arasynda simbioz gatnaşygy bolup, bu gatnaşyk ikisi üçin hem peýdalydyr. Deňiz merjenleri oňa gorag, gaçybatalga bolup hyzmat edýär, gurçuk bolsa suwuň aýlanyşygyny ýokarlandyryp, deňiz merjenine iýmitlenmäge kömek edýär. Bu jandarlaryň käbiri 20 ýyldan hem gowrak ýaşaýar. Olar oturymly ýaşaýşa uýgunlaşan bolup, deňiz merjenleriniň, koral rifleriniň üstünde, käbir görnüşleri bolsa seýrek ýagdaýda topar bolup, oturymly ýaşaýar. Topar bolup ýaşamak olar üçin köpelmekde hem ähmiýetli bolup durýar.
Aýsoltan Hudaýnazarowa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby