Ýer ýüzünde kyrkaýaklaryň ýüzlerçe görnüşi bar. Golaýda alymlar 1 müň 306 aýakly jandar tapdylar. Kyrkaýagyň bu görnüşi barada “Scientific Reports” ylmy žurnalda makala neşir edildi. Onuň ululygy bary-ýogy bir santimetr töweregi. Alymlar bu jandaryň täze görnüşine “Eumillipes Persephone” diýip at berdiler. “Eumillipes” sözi latyn dilinden terjime edilende, “müň aýakly” diýmegi aňladýar. Onuň aýaklary şeýle bir kiçi welin göz bilen saýgarmak aňsat däl. Makalada bu jandaryň Awstraliýanyň gündogaryndaky Goldfilds ştatynda ýeriň 60 metr astynda ýaşaýandygy bellenilýär.