17-nji dekabrda geçirlen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew welaýatlarda gowaçanyň hasyllylygyny ýokarlandyrmagyň hasabyna, onuň ekilýän meýdanyny azaltmak we ýeralma, gök-bakja ekinleriniň meýdanlaryny hem-de piläniň öndürilýän möçberlerini köpeltmek maksady bilen alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, ýurdumyz boýunça her ýylda 620 müň gektar meýdana gowaça ekilip, ondan 1 million 250 müň tonna pagta hasyly alynýar. Häzirki döwürde ýeralma, gök-bakja we beýleki azyklyk önümleri öndürmek üçin 55 müň 550 gektar ýer bölünip berildi.
Wise-premýeriň belleýşi ýaly, welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde gowaça ekilýän ýerleri 580 müň gektara çenli azaltmak boýunça teklip taýýarlanyldy. Gowaça ekininden boşaýan 40 müň gektar meýdana bolsa ýeralma, gök-bakja ekinlerini ekmek göz öňünde tutulýar. Piläniň öndürilýän mukdaryny köpeltmek üçin degişli meýilnamany 200 tonna artdyrmak teklip edilýär. Şol sanda, Ahal welaýatynda 145 tonna, Balkan welaýatynda 25 tonna, Mary welaýatynda bolsa 30 tonna goşmaça pile öndürilip, piläniň öndüriljek mukdary 2 müň 300 tonna ýetiriler.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda azyk bolçulygyny berkitmek, ilaty ýeralma, gök-bakja we beýleki oba hojalyk önümleri bilen ýylyň dowamynda doly üpjün etmek boýunça öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde, obasenagat toplumyny mundan beýläk-de ösdürmekde ylmy taýdan esaslandyrylan täzeçil usullaryň ulanylmalydygyny, ýerden, suwdan rejeli peýdalanmak, ekinleriň hasyllylygyny artdyrmak meselelerine jogapkärli çemeleşilmelidigini, milli kanunçylygyň kämilleşdirilmelidigini belläp, bu babatda wise-premýere, Milli Geňeşiň ýolbaşçylaryna anyk tabşyryklary berdi.