19-njy dekabrda Çilide prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyry geçirildi. Çünki 21-nji noýabrda geçirilen ses berişligiň birinji tapgyrynyň netijelerine görä, dalaşgärleriň hiç birisi sesleriň 50 göterimini gazanyp bilmändi.

Şeýlelikde, Çili 2022-nji ýyldan 2026-njy ýyla çenli ýurdy dolandyrjak prezidentini saýlaýar. 19 milliondan gowrak ilaty bolan ýurtda 15 milliondan gowrak saýlawçy hasaba alyndy. Ýurduň hemme ýerinde 46 müňden gowrak saýlaw uçastogy açyldy. Ses berişligiň birinji tapgyryna gatnaşanlaryň sany 47 göterim boldy.

Saýlaw býulletenleri sanalandan soňra, respublikan partiýadan ultrasagçy syýasatçy, 55 ýaşly Hose Antonio Kasta 27,9 göterim sese eýe boldy. Onuň esasy garşydaşy, “Mertebäni goldaýaryn” koalisiýasynyň dalaşgäri 35 ýaşly Gabriel Borik saýlawçylaryň 25,8 göterimine eýe boldy.

Saýlawlaryň ikinji tapgyry “ýurduň täze taryhynda iň näbelli saýlawlar” diýlip atlandyrylýar, sebäbi Kast bilen Borik birinji tapgyrda birmeňzeş ses aldy.