20-nji dekabrda Çilide geçirilen prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda 35 ýaşly Gabriel Borik ýeňiş gazandy. Çiliniň Saýlaw gullugy tarapyndan sesleriň 99,9 göterimi sanalandan soňra saýlawçylaryň 55,87 göterimi “Men mertebäni goldaýaryn” çepçi koalisiýasynyň dalaşgäri üçin ses berdi. Şeýlelik bilen Gabriel Borik Çiliniň taryhynda iň ýaş prezident boldy. Onuň garşydaşy, sagçy Respublikan partiýanyň 55 ýaşly dalaşgäri Hose Antonio Kast sesleriň 44,13 göterimine eýe boldy. Saýlawlarda ýeňilen Kast, Borigi gutlap, konstruktiw hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygyny mälim etdi.
Gabriel Borik 2022-nji ýylyň 11-nji martynda Çiliniň prezidenti wezipesine girişer we 2022-nji ýyldan 2026-njy ýyla çenli ýurdy dolandyrar.
2012-nji ýylda ses bermek baradaky hökmany talabyň ýatyrylmagynyň netijesinde, Günorta Amerikanyň bu ýurdundaky soňky saýlawlara gatnaşanlaryň sany 55,6 göterime deň boldy.
21-nji noýabrda geçirilen birinji saýlawlaryň netijelerine görä, dalaşgärleriň hiç birisi sesleriň 50 göterimini gazanyp bilmedi. Borik sesleriň 25,8 göterimini, Kast bolsa 27,9 göterimine eýe boldy. Ses berişligiň birinji tapgyryna gatnaşanlaryň sany 47 göterim boldy.
Ses berişligiň ikinji tapgyry “ýurduň täze taryhynda iň näbelli saýlaw” hasaplandy, sebäbi birinji tapgyrda Kast we Borik birmeňzeş ses gazandy.