Ýewropa futbolynyň hojaýyny UEFA Ýewropa Konferensiýa Ligasynda “G” toparçadaky Renn-Tottenham duşuşygy iňlis klubunyň käbir oýunçylarynyň “covid 19”-a sezewar bolandygy sebäpli geçirilmändi. UEFA duşuşygyň ykbaly baradaky netijäni kesgitledi. Şoňa görä, Tottenham duşuşyga çykmandygy üçin oýun iňlis klubuna tehniki ýeňliş yglan edildi. Şeýlelikde, Konferensiýa Ligasynyň pleý-off tapgyrynda Rapid Wien topary bilen Renn kluby duşuşar. Başgaça aýdylanda, bu gelnen netijeden soň, 7 utukda galan Tottenham 3-nji ýere düşüp, Ýewrokuboklarynyň daşynda galdy.