17-21-nji ýanwarda Şweýsariýanyň Dawos şäherinde geçiriljek Bütindünýä ykdysady forumynyň (WEF) ýyllyk maslahaty koronawirusyň omikron-ştammynyň dünýäde ýaýramagy bilen baglanyşykly näbellilikler sebäpli geçirilmez. Bu barada 20-nji dekabrda guramanyň Ženewadaky baş edarasy tarapyndan mälim edildi we maslahatyň tomsuň başynda geçiriljekdigini habar berdi.
Bütindünýä ykdysady forumynyň wekilleri häzirki şertlerde koronawirus pandemiýasy sebäpli maslahaty geçirmegiň gaty kyndygyny bellediler. Ýanwar aýynda geçiriljek Dawos maslahatynda saglyk talaplary berk berjaý edilmegi göz öňünde tutulan hem bolsa, “omikron ştammynyň ýokary ýokançlygy maslahaty yza süýşürmege mejbur etdi.
WEF “Dünýädäki ýagdaý” mowzugynda birnäçe onlaýn-sessiýa geçirmegi meýilleşdirýär. Hasabatda “bu gepleşikler dünýäniň iň möhüm meseleleriniň çözgütlerini tapmaga ýardam berer” diýilýär.
WEF Şweýsariýanyň hökümete degişli bolmadyk guramasydyr. Maslahatda öňdebaryjy işewürler, syýasy ýolbaşçylar we dürli iş ugurlary boýunça hünärmenler duşuşýar. Müň töweregi iri kompaniýalar we guramalar WEF-iň agzalarydyr.