Eýranyň 2021-nji ýylyň 21-nji marty-21-nji noýabry aralygynda goňşy ýurtlara bahasy 33 milliard dollara deň bolan 68 million tonna haryt ugradandygy mälim edildi. Bu barada Eýranyň gümrük gullugynyň resmi wekili Ruhollah Latifi mälim etdi.

-Eýranyň bellenen döwür üçin söwdasy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, agram taýdan 19%, nyrh taýdan hem 45% ýokarlandy – diýip, Ruhollah Latifi belledi.

Onuň sözlerine görä, 21-nji noýabra çenli Eýranyň goňşy ýurtlar bilen söwdasynyň mukdary bahasy 63 milliard 132 million dollara deň bolan 110 million 284 müň tonna haryt boldy. Bu bolsa agramyň 62 göterim, gymmatyň bolsa 52 göterim ýokarlanandygyny görkezýär.

Soňky 8 aýyň dowamynda 15 goňşy ýurda Eýranyň eksportynyň paýy bahasy 16 milliard 664 million dollara deň bolan 52 million 390 müň tonna haryt boldy, bu bolsa Eýranyň umumy eksportynyň 53 göterimini düzýär.