Ýokarky Müsüriň Tel-Atrib sebitinde hek daşyndan salnan täsin jaý tapyldy. Toýundan ýasalan gap-gaçlaryň parçalarynda demotik, iýeratik, kopt, grek we arap dillerinde tekstler tapyldy.

-Bu, örän möhüm açyş, sebäbi bu jaýdaky tapyndylar Atribis şäheriniň bütin taryhy, şeýle-de, sebitiň ykdysadyýeti we söwdasy barada çynlakaý maglumat berýär. Bu täsin ýazgylar, esasan hem, bugdaý we çörek önümlerini satyn alan hem-de satan sebitiň ýaşaýjylarynyň maliýe amallaryny açyp görkezýär – diýip, Müsüriň gadymyýet işleri boýunça ýokary geňeşiniň baş sekretary Mostafa Waziri gürrüň berdi.

Arheologlar Atribisiň ýaşaýjylarynyň geçmişi barada has köp zatlary öwrenmek umydy bilen tapyndylary içgin öwrenýärler. Barlag geçirijiler gadymy döwürlerde bu şäheriň çäginde ýazuw öwredýän bir mekdebiň bolandygyny çaklaýarlar.

Atribis Gadymy Müsüriň dokuz sebitiniň şäherlerinden biri bolupdyr. Ol Sohag şäheriniň günorta-günbataryndaky Nil derýasynyň günbatar kenarynda ýerleşýär.