Ýaponiýanyň gämi gurluşyk kompaniýasy “Koa Sangyou” dünýäde ilkinji elektrik tankerini suwa goýberdi. Dabara Kagawa prefekturasynyň (Sikoku adasy) gämi abatlaýyş kärhanasynda geçirildi.
Gämi “Asahi Tanker” kompaniýasynyň buýrugy bilen guruldy we onuň adyna “Asahi” dakyldy. Tankeriň uzynlygy 62 metr, nebit önümini saklamagyň mukdary bolsa 1,28 müň kub metr. Ol litiý batareýalary bilen enjamlaşdyrylandyr.
Tanker 150-180 km aralygy geçmäge ukyply we doly zarýad almak üçin, takmynan, 10 sagat gerek. Gämi adatdan daşary ýagdaýlarda elektrik çeşmesi hökmünde ulanylmagyna mümkinçilik berýän ulgamlar bilen enjamlaşdyrylandyr. Mundan başga-da, elektrik hereketlendirijileriniň yrgyldysy we sesi adaty hereketlendirijilerden ep-esli pesdir, bu bolsa ekipaž üçin has amatly bolar.
“Asahi”-iň geljek ýylyň mart aýyndan Tokio aýlagynda uly transumman gämilere ýangyç guýmak üçin ulanylmagyna garaşylýar.