«SpaceX» komp­ani­ýa­sy kos­mo­sa 52 sa­ny «Star­link» eme­li hem­ra­sy­ny uçur­dy. Ady­bir tas­la­ma­nyň çäk­le­rin­de ibe­ril­ýän bu en­jam­lar Ýer ýü­zü­ni gö­nü­den-gö­ni in­ter­net bag­la­ny­şy­gy bi­len üp­jün ed­ýär. Kom­pa­ni­ýa 2018-nji ýyl­dan bä­ri ki­çi göw­rüm­li en­jam­la­ry pla­ne­ta­nyň aşa­ky or­bi­ta­sy­na iber­ýär. Bu en­jam­lar, esa­san, me­de­ni zo­lak­dan uzak ýer­dä­ki ýa­şaý­jy­la­ry in­ter­net bi­len üp­jün eder. Kom­pa­ni­ýa 2018-nji ýyl­dan bä­ri «Falcon 9» ra­ke­ta­sy ar­ka­ly her bir uçuş­da 60 tö­we­re­gi eme­li hem­ra­ny uçur­ýar. Hä­zi­re çen­li kom­pa­ni­ýa­nyň ibe­ren 1732 eme­li hem­ra­sy iş­le­ýär. Bu eme­li hem­ra­lar ar­ka­ly 20-den gow­rak ýurt­da in­ter­net hyz­ma­ty hö­dür­len­ýär. «SpaceX» tas­la­ma­nyň çäk­le­rin­de köp­çü­lik­le­ýin ön­dü­ri­len ki­çi göw­rüm­li eme­li hem­ra­la­ryň 40 müň­den gow­ra­gy­nyň kos­mo­sa uçur­ylma­gy mak­sat edinilýär.