Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da hal­ky­my­zyň mil­li mi­ra­sy­ny go­rap sak­la­mak hem-de wa­gyz et­mek işi­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Türk­men hal­ky­nyň mil­li gym­mat­lyk­la­ry­ny dün­ýä ýaý­mak­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy ne­ti­je­li ös­dü­ril­ýär. Bu ba­bat­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet me­se­le­le­ri bo­ýun­ça ýö­ri­te­leş­di­ri­len eda­ra­sy bo­lan ÝU­NES­KO aý­ra­tyn orun de­giş­li­dir.
Türk­me­nis­tan 1993-nji ýyl­dan bä­ri ÝU­NES­KO-nyň do­ly hu­kuk­ly ag­za­sy­dyr. Bu ab­raý­ly gu­ra­ma me­de­ni ýa­dy­gär­lik­le­ri we te­bi­gy gö­zel­li­gi go­rap sak­la­mak bo­ýun­ça hal­ka­ra iş­ler­de il­kin­ji de­re­je­li or­ny eýe­le­ýär, äh­lu­mu­my gym­mat­lyk­la­ra we her bir hal­kyň mer­te­be­si­ne hor­mat goý­ma­ga esas­la­nan açyk gat­na­şyk­lar üçin şert­le­ri dö­ret­me­giň üs­tün­de iş­le­ýär.
Şu hyz­mat­daş­ly­gyň ne­ti­je­sin­de ýur­du­my­zyň mil­li gym­mat­lyk­la­ry ÝUNESKO-nyň medeni mi­ra­sy­nyň sa­na­wyn­da my­na­syp or­nu­ny al­ýar. Go­laý­da bu hal­ka­ra gu­ra­ma­dan hoş ha­bar ge­lip go­wuş­dy. ÝU­NES­KO-nyň Mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy go­ra­mak bo­ýun­ça Hö­kü­me­ta­ra ko­mi­te­ti Türk­me­nis­ta­nyň mil­li du­tar ýa­sa­mak se­net­çi­li­gi­ni hem-de du­tar­da saz çal­mak we bag­şy­çy­lyk sun­ga­ty­ny Adam­za­dyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­riz­di. Bu çöz­güt Gu­ra­ma­nyň Hö­kü­me­ta­ra ko­mi­te­ti­niň 13-18-nji de­kab­ry ara­ly­gyn­da on­laýn gör­nü­şin­de ge­çi­ri­len 16-njy mej­li­si­niň bar­şyn­da bi­ra­gyz­dan ka­bul edil­di.
Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti ta­ra­pyn­dan ber­len hö­dür­na­ma gu­tar­nyk­ly sel­jer­me­den geç­di we bü­tin­dün­ýä me­de­ni gym­mat­lyk­la­ry­nyň sa­na­wy­ny art­dyr­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz «Pa­ra­hat­çy­lyk sa­zy, dost­luk, do­gan­lyk sa­zy» at­ly ki­ta­byn­da şeý­le bel­le­ýär: «Eli du­tar­ly we kal­by aý­dym-saz­ly hal­ky­my­zyň ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak sun­gat eser­le­ri­niň gah­ry­man­la­ry ha­ky­ky gö­zel­li­giň nus­ga­la­ry bo­lup dur­ýar. Di­ňe ha­ky­ky duý­gy bo­lan­da, aý­dy­lan söz ada­myň ýü­re­gi­ne ba­ryp bi­ler. Türk­men döw­le­ti­niň Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty­nyň üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ma­gy­ny biz hal­kyň paý­ha­sy bi­len bag­la­nyş­dyr­ýa­rys, ol sun­ga­ty­myz­da öz be­ýa­ny­ny tap­ýar».

Mä­lim bol­şy ýa­ly, tu­tuş adam­zat üçin gym­mat­ly bo­lan des­sur­lar we öz­bo­luş­ly aý­ra­tyn­lyk­la­ryň gör­nüş­le­ri Mad­dy däl me­de­ni mi­ra­syň bü­tin­dün­ýä sa­na­wy­na gi­ri­zil­ýär. Du­tar en­çe­me asyr bä­ri türk­men me­de­ni­ýe­ti­niň aý­ryl­maz bö­le­gi bol­mak bi­len, ol türk­men aý­dym-sa­zy­nyň esa­sy žanr­la­ry­nyň äh­li­sin­de ula­nyl­ýar.
Ýur­du­myz Bü­tin­dün­ýä me­de­ni we te­bi­gy mi­ra­sy go­ra­mak bo­ýun­ça ÝUNESKO-nyň Kon­wen­si­ýa­sy­na go­şul­mak bi­len, dün­ýä si­wi­li­za­si­ýa­sy­nyň aý­ryl­maz bö­le­gi bo­lup dur­ýan ta­ry­hy-me­de­ni we te­bi­gy gym­mat­lyk­la­ry gel­jek­ki ne­sil­le­re ýe­tir­mek üçin go­rap sak­la­mak ba­bat­da giň ge­rim­li iş­le­ri yzy­gi­der­li ge­çir­ýär.
Hä­zir­ki wagt­da öz­ba­şy­na iri me­de­ni hem-de ta­ry­hy gym­mat­lyk­la­ryň ha­ta­ry­na gir­ýän üç sa­ny iri ta­ry­hy-me­de­ni go­rag­ha­na­lar – ga­dy­my Merw, Kö­ne­ür­gen­jiň ýa­dy­gär­lik­le­ri, Nu­sa­ýyň par­fi­ýa eý­ýa­my­nyň ga­la­la­ry ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­di. Şeýle-de, «Gö­rog­ly» şa­des­sa­ny, küşt­dep­di aý­dym we tans des­su­ry, türk­men mil­li ha­ly­çy­lyk sun­ga­ty ÝU­NES­KO-nyň Mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­di. Mil­li gym­mat­lyk­la­ry­my­zyň en­çe­me des­ga­la­ry­ny bu sa­na­wa gi­riz­mek üçin hem ba­dal­ga be­ril­di.
ÝU­NES­KO-nyň esa­sy mak­sat­la­ry­nyň ara­syn­da bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet ul­ga­myn­da ýurt­la­ryň we halk­la­ryň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň gi­ňel­dil­me­gi ar­ka­ly pa­ra­hat­çy­ly­gyň we howp­suz­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi esa­sy orun al­ýar.

Gan­dym ÇE­TI­ÝEW,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.