Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dünýä hojalyk ulgamyna işjeň goşulyşýan ata Watanymyzyň ykdysadyýeti bedew bady bilen ösýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilýän we özgerdilýän döwründe oba hojalygyny ösdürmäge hem uly ähmiýet berilýär.
Ýurdumyzyň oba hojalygynda ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda bolşy ýaly özgertmeleriň giň toplumy alnyp barylýar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan şeýle özgertmeleriň gözbaşynda daýhany ýeriň hakyky eýesi etmek we milli ykdysadyýetimiziň bu pudagyny has-da ösdürmek wezipesi bar. Bu wezipäniň üstünlikli çözülmegi bolsa, ahyrky netijede, halkymyzyň oba hojalyk önümleri bilen doly üpjün edilmegine we ady agzalan pudakda zähmet çekýän ynsanlaryň durmuş şertleriniň ýokarlanmagyna oňyn täsir edýär.
Eziz Diýarymyzda oba hojalygynda dürli önümleriň önümçiligini artdyrmak babatda täzeçil teklipler taýýarlanyldy, olary üstünlikli durmuşa ornaşdyrmak işleri alnyp barylýar. Ýurdumyzda mundan ozal oba hojalyk meýdanlaryna pagta bilen bugdaý köpräk ekilýän bolsa, oba hojalygynda ýeralma, gök-bakja ekinleriniň bol hasylyny almak üçin ähli şertler döredilýär.
Durmuşa geçirilýän işler ilatymyzyň hal-ýagdaýynyň has-da gowulanmagyna, şeýle hem bazarlarymyzyň öz önümlerimiz bilen dolup durmagyna saldamly goşant goşýar. Ministrler Kabinetiniň golaýda sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde bu babatda möhüm çözgütler kabul edildi. Welaýatlarymyzda gowaçanyň hasyllylygyny ýokarlandyrmagyň hasabyna, onuň ekilýän meýdanyny azaltmak we ýeralma, gök-bakja ekinleriniň meýdanlaryny hem-de piläniň öndürilýän möçberlerini köpeltmek göz öňünde tutulýar. Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, ýurdumyz boýunça her ýylda 620 müň gektar meýdana gowaça ekilip, ondan 1 million 250 müň tonna pagta hasyly alynýar. Häzirki döwürde ýeralma, gök-bakja we beýleki azyklyk önümleri öndürmek üçin 55 müň 550 gektar ýer bölünip berildi.
Welaýatlarda gowaça ekilýän ýerleri 580 müň gektara çenli azaltmak boýunça teklip taýýarlanyldy. Gowaça ekininden boşaýan 40 müň gektar meýdana bolsa ýeralma, gök-bakja ekinlerini ekmek göz öňünde tutulýar. Piläniň öndürilýän mukdaryny köpeltmek üçin degişli meýilnamany 200 tonna artdyrmak teklip edilýär. Şol sanda, Ahal welaýatynda 145 tonna, Balkan welaýatynda 25 tonna, Mary welaýatynda bolsa 30 tonna goşmaça pile öndürilip, piläniň öndüriljek mukdary 2 müň 300 tonna ýetiriler.
Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, telekeçilik başlangyçlary, eýeçiligiň dürli görnüşlerini ösdürmek höweslendirilýär. Daýhan birleşikleriniň ekerançylyk meýdanlarynda bugdaý, gowaça we beýleki ekinleri ösdürip ýetişdirmek üçin oba hojalyk maksatly ýer gaznalary döredildi. Şol gaznalar bu ekinlerden, gök hem-de bakja ekinlerinden bol hasyl almak, ýeralma, üzüm, miwe öndürmek üçin niýetlenendir.
Şöhrat AÝMÄMMEDOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.