Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli işlerinden ylham we güýç alýan türkmen telekeçileri ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda uly sepgitlere ýetýärler.

Hä­zir­ki dö­wür­de Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­tin­de iri, or­ta we ki­çi kär­ha­na­lar bi­len bir ha­tar­da, maş­ga­la we ýe­ke­ba­ra zäh­me­te esas­la­nyp te­le­ke­çi­lik iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar. Umu­man, ýur­du­myz­da ki­çi we or­ta te­le­ke­çi­lik mil­li yk­dy­sa­dy gi­ňiş­li­gin­de özü­niň my­na­syp or­nu­ny eýe­le­mek bi­len, ynam­ly ga­dam­lar bi­len öňe bar­ýar. Mu­nuň özi, ýur­du­my­zyň ösü­şiň has ýo­ka­ry bas­gan­çak­la­ry­na ynam­ly çyk­ma­gy­na kuw­wat­ly iter­gi ber­ýär, döw­le­ti­mi­ziň gül­läp ös­me­gi­ni we hal­ka­ra ab­ra­ýy­nyň bar­ha ýo­kar­lan­ma­gy­ny üp­jün et­mek üçin ze­rur şert­le­ri dö­red­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň dö­re­dil­me­gi ýur­du­my­zyň döw­le­te de­giş­li bol­ma­dyk yk­dy­sa­dy bö­le­gin­de içer­ki we da­şar­ky ba­zar­da my­na­syp de­re­je­de bäs­deş­li­ge ukyp­ly mil­li ha­ryt ön­dü­ri­ji­le­riň tä­ze nes­li­ni ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mä­ge kuw­wat­ly ýar­dam ber­ýär. Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň çalt dep­gin­ler bi­len ös­me­gin­de türk­men te­le­ke­çi­le­ri­niň hyz­ma­ty ulu­dyr. Olar ýur­du­my­zyň içer­ki ba­zar­la­ry­ny ýo­ka­ry hil­li taý­ýar önüm­ler bi­len üp­jün et­mek­de we ba­zar bol­çu­ly­gy­ny ke­ma­la ge­tir­mek iş­le­rin­de sal­dam­ly go­şan­dy­ny goş­ýar­lar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taýsyz ta­gal­la­la­ry bi­len ýur­du­myz­da ki­çi we or­ta te­le­ke­çi­li­gi ös­dür­mek­de döw­let gol­da­wy­nyň ge­ri­mi­ni gi­ňelt­mek, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň hu­su­sy­ýet­çi­lik bö­le­gi­niň ne­ti­je­li­li­gi­ni art­dyr­mak üçin örän oňaý­ly şert­ler dö­re­dil­ýär.
Ýur­du­my­zyň te­le­ke­çi­le­ri­niň 26 mü­ňe go­la­ýy­ny bir­leş­dir­ýän Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­la­ry bo­lan türk­men işe­wür­le­ri äh­li ugur­lar­da, hu­su­san-da, gur­lu­şyk, se­na­gat, elekt­ron se­na­ga­ty, azyk we oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­niň ön­dü­ril­me­gi ýa­ly ugur­lar­da giň tej­ri­bä eýe bol­du­lar.

Şeý­le hem soň­ky ýyl­lar­da türk­men te­le­ke­çi­le­ri ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň san­ly­laş­dy­ryl­ma­gy­na hem my­na­syp go­şant goş­mak bi­len bu ugur­da iş alyp bar­ýan te­le­ke­çi­le­riň we hu­su­sy kär­ha­na­la­ryň sa­ny bar­ha art­ýar.
Hä­zir­ki wagt­da ki­çi we or­ta te­le­ke­çi­lik ýur­du­my­zyň ila­ty­nyň iş üp­jün­çi­li­gi­ne hem my­na­syp go­şant goş­ýar. Sta­tis­ti­ka ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, yk­dy­sa­dy­ýe­tiň hu­su­sy ul­ga­myn­da ila­tyň 50,3 gö­te­ri­mi, döw­let-hu­su­sy gör­nüş­dä­ki kär­ha­na­lar­da bol­sa ila­tyň 22 gö­te­ri­mi zäh­met çek­ýär.
Ýur­du­myz­da da­şa­ry ýurt­lar­da ön­dü­ril­ýän önüm­ler­den as­la kem dur­ma­ýan hem-de aly­jy­la­ryň ara­syn­da uly is­leg­den peý­da­lan­ýan dur­muş teh­ni­ka­sy­ny – gaz hem-de elekt­rik pli­ta­la­ry­ny, ho­wur­peç­le­ri, mik­ro­tol­kun­ly peç­le­ri, smart-te­le­wi­zor­la­ry ön­dü­ri­ji­le­riň sa­ny hem bar­ha art­ýar.
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­lis­le­rin­de ýy­gy-ýy­gy­dan ýur­du­myz­da ki­çi we or­ta te­le­ke­çi­li­gi ös­dür­mek işi­ne he­mi­şe gol­daw ber­jek­di­gi­ni bel­le­ýän hor­matly Pre­zi­dentimiz te­le­ke­çi­lik pu­da­gyn­da ta­pa­wut­la­nan te­le­ke­çi­le­riň bir bö­le­gi­ni «Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy­na» ýu­bi­leý me­da­ly bi­len sy­lag­la­dy. Şeý­le hem Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si Tä­ze ýy­lyň öňü­sy­ra­syn­da ýu­bi­leý ýy­ly jem­läp, önüm­çi­lik gör­ke­zi­ji­le­ri bi­len ta­pa­wut­la­nan te­le­ke­çi­le­ri sy­lag­la­dy. Te­le­ke­çi­le­riň 40-a go­la­ýy hor­mat hat­la­ry­na we ýa­dy­gär­lik sow­gat­la­ry­na my­na­syp bol­dy.

Ka­dyr BAÝ­RA­MOW,
Türk­me­nis­ta­nyň In­že­ner-teh­ni­ki we ulag kom­mu­ni­ka­si­ýa­la­ry ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.