Moskwanyň Sobor meýdançasynda ýurduň baş arçasynyň çyralary ýakyldy. Däp bolşy ýaly, çagalar Täze ýyl arçasyny bezemäge gatnaşdylar. Olar LED çyralary we müň dört ýüz sany elde ýasalan oýunjaklar bilen baş arçany bezediler. Bu gezek arçany bezemäge Russiýa Federasiýasynyň gahrymany W. M. Maksimçukyň adyny göterýän Tehniki ýangyn-halas ediş kollejiniň okuwçylary gatnaşdylar. Arçany bezeýän oýnawaçlar ýeňil materiallardan ýasalyp, ol islendik howada öwşün atar.

Bu ýyl Morozkonyň ertekisine esaslanan dizaýny gaýtalamak kararyna gelindi, sebäbi epidemiýa ýagdaýy sebäpli bir ýyl ozal köpler Täze ýyl arçasyny görüp bilmändi. Baýramçylyklaryň öňüsyrasynda Russiýanyň paýtagtynda 20-den gowrak karuselli Roždestwo ýarmarkasy, şeýle-de 18 sany mugt konki açyldy.

Şäher häkimi Sergeý Sobýaniniň pikiriçe, COVID-19 sebäpli çäklendirmeleriň sany boýunça Moskwa ykdysadyýetiň kadaly ösmegine mümkinçilik berýän dünýäniň öňdäki orunlarynyň birini eýeleýär.