NASA-nyň Ýewropa hem-de Kanada kosmos agentlikleri bilen bilelikde alyp barýan taslamasynyň çäklerinde işlenip taýýarlanan kosmos teleskopy şu gün uçurylar. 10 milliard dollarlyk taslamanyň çäklerinde taýýarlanan enjam 1990-njy ýyldan bäri Ýeriň orbitasynda hereket edýän “Hubbl” teleskopynyň ornuny tutar. Infragyzyl teleskopyň optik enjamlary 13,7 milliard ýyl ozal kosmosyň emele gelmegine sebäp bolan “Uly partlaýyşdan” 200 million ýyl ozalky ýagdaýyny öwrenmäge kömek eder. Teleskop Günorta Amerikanyň demirgazyk-gündogar kenaryndaky Fransuz Gwineýasyndan “Ariane” raketasy arkaly uçurylar.
Baýramgeldi Hanow,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.