Beýik Britaniýaly 12 ýaşly mekdep okuwçysy Barnabi Suinbern “Mensa” synagynyndan geçensoň, onuň IQ-si Albert Eýnşteýniňkiden has ýokarydygy belli boldy.

Barnaby Swinburne synaglarda 162 ball gazandy. Onuň 18 ýaşa çenli çagalaryň arasynda iň ýokary ball gazanandygy bellendi. Şol bir wagtyň özünde, Eýnşteýniň IQ derejesi 160 bal diýip hasaplanýar. Şeýlelik bilen Barnaby ähli döwürleriň iň beýik fizikleriniň birinden öňe saýlandy.

Synagyň netijeleri esasynda mekdep okuwçysyny ýokary akyl derejesi bolan adamlar jemgyýetine kabul edildi.

-Men onuň akyllydygyny bilýärdim. Ol özüni goşmaça synap görmek kararyna geldi, şonuň üçin sowgat hökmünde synag edilmegini sorady. Matematika we himiýa onuň iň söýýän ugurlary – diýip, oglanyň ejesi Gislene aýtdy.

Barnabiniň geljek üçin uly meýilnamalary bar. Ol programmaçy bolmagy meýilleşdirýär. Munuň üçin oglan uniwersitet kurslaryna gatnaýar we Oksforda girmek isleýär.