Şomurodow ýylyň futbolçysy saýlandy

263
Soccer, friendly match , AS Roma v Raja Club Casablanca Eldor Shomurodov of AS Roma celebrate after score the goal during the Friendly Match between AS Roma v Raja Club Casablanca at Olimpico stadium in Rome, Italy, August 14, 2021. Imago-imagesEmmefoto Copyright: xImago-imagesEmmefotox

Serie A-nyň Roma toparynda çykyş edýän özbegistanly hüjümçi Eldor Şomurodow ýurdunda ýylyň futbolçysy diýlip saýlandy. Ol Özbegistanyň futbol federasiýasy hem-de Professional futbol ligasy tarapyndan ýurtdaky sport žurnalistleriniň arasynda geçirilen pikir soraşmada öňe saýlanyp, bu hormata laýyk görüldi. Möwsümiň başynda 17,5 million ýewro Jenoadan Roma transfer bolan Şomurodow 23 oýunda 3 gol geçirip, 5 goluň pasyny berdi.

Şeýle-de, Özbegistanda ýylyň tälimçisi diýlip, AFK Kubogynda finala çykan Nasaf toparynyň tälimçisi Ruzikul Berdiýew saýlandy.