Ýaponiýada adaty we demir ýollarda hereket edip bilýän dünýäniň ilkinji ýolagçy otly-awtobusy işe girizildi. Bu ulag, Sikoku adasyndaky obalaryň birinden ilkinji syýahatyna ugrady. Bu awtobus awtoulag ýolunda sagatda 100 km çenli tizlik bilen hereket edip bilýär. Awtobus stansiýa gelende rezin tigirleri galdyrylyp, demir tigirler relslere düşürilýär. Netijede, awtobus sagatda 60 km tizlik bilen polat tigirleri arkaly hereket edip ugraýar. Demir ýol awtobusy 21 ýolagçyny gatnatmak üçin niýetlenen, ýöne koronawirus çäklendirmeleri sebäpli bu gezek bary-ýogy 18 adam mündürildi.