Futbol boýunça nobatdaky Dünýä Kubogyny guraýjy ýurt Katardaky belli stadionlaryň biri sökülip, Tunise sowgat berler. Paýtagt Dohadaky “974” stadiony Dünýä Kubogy ýaryşy tamamlanyndan soň söküler we şol durşuna Tunis döwletine berler. Stadionyň söküljekdigi ozaldan belli bolup, tunisliler söküleninden soň ony özlerine bermeklerini katarlylardan haýyş edipdiler. Netijede, katarlylar tunislileriň bu haýyşyny kanagatlandyrarlar we stadion çempionatdan soň Tunisiň Sfaks şäherine eltiler.
Stadionyň adynyň 974 bolmagy diýseň täsindir. Ilki bilen 974 belginiň Kataryň halkara telefon kody bolmagydyr. Ikinjiden hem bu stadionyň gurluşygynda 974 sany konteýneriň ulanylmagydyr. 40 müň orunlyk stadion özboluşly doldurylýan zeminiň üstüne gurlup, ol sökülmek üçin oňaýly ýagdaýda guruldy.
2018-nji ýylda düýbi tutulan stadion şu ýylyň 30-njy noýabrynda resmi ýagdaýda açyldy. Stadionda FIFA Arap Kubogynyň käbir duşuşyklary oýnalyp, Tunis bu ýerde ýarym finalda Müsüri ýeňipdi. Geljek ýylda Katarda guraljak Dünýä Kubogynyň hem birnäçe duşuşygy bu stadionda geçiriler.