Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen halkynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan 2021-nji ýyl umumadamzat bähbitli beýik işleriň amala aşyrylan ýyly boldy. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygynyň uly dabaralara beslenip bellenilen “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda ýurdumyz syýasy, ykdysady we medeni ulgamlarda guwandyryjy üstünlikleri gazandy.

Häzirki döwürde syýasy taýdan durnukly, ykdysady taýdan kuwwatly döwlet hökmünde tanalýan eziz Watanymyz bedew bady bilen ösüşlere barýar. Milli Liderimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän netijeli işler Diýarymyzy toý-baýramlaryň mekanyna öwürdi. Türkmenistan ýaňy-ýakynda Halkara Bitaraplyk gününi uly dabara bilen belläp geçdi. Indi bolsa ak arzuwlara beslenip gelýän täze 2022-nji ýyly garşy almaga taýýarlanýar.

Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda ykdysadyýetiň ähli ugurlary boýunça gazanylýan durnukly ösüşler ata Watanymyzyň dünýä ýüzündäki mertebesini barha belende galdyrýar. Ähli ulgamlaryň sazlaşykly ösüşini gazanmak maksady bilen, ýurduň ylmy kuwwatyny artdyrmaga ünsüň güýçlenmegi döwletimiziň dünýä bazaryndaky ornuny giňeltmäge täze mümkinçilikleri açýar. Ýangyç-energetika senagatynyň ösüş depginleri batlanýar. Şonuň bilen birlikde, ulag ulgamy dünýäniň syýasy giňişligine çykmaga zerur şertleri döredýär. Oba hojalyk ulgamyny ösdürmek maksady bilen, daýhanlara döwlet tarapyndan yzygiderli goldawyň berilmegi bu pudagyň has-da girdejili bolmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Oba hojalyk önümleri, ir-iýmişler toý saçagymyzy bezeýär. Şeýle üstünlikler bilen ruhlanan türkmen halky täze 2022-nji − “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylyny garşylaýar.

Bu günki gün hormatly Prezidentimiziň bütin dünýäde we ýurdumyzyň ähli künjeklerinde täze başlangyçlaryň başyny başlap, toplumlaýyn özgertmelere badalga bermegi halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagyny kepillendirýär. Üstümizdäki 2021-nji ýylyň buýsandyryjy wakalary Türkmenistanyň halkara abraýynyň has-da ýokarlanýandygyna, dünýä bileleşiginiň ýurdumyzyň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasatyny giňden goldaýandygyna şaýatlyk edýär.

Ýurdumyzyň Baş arçasynyň köp öwüşginli yşyklary körpeleriň belent ruha beslenen Täze ýyla bagyşlanan aýdymlary, ajaýyp çykyşlary we joşgunly tanslary bilen utgaşyp, Täze ýylyň barha ýakynlap gelýändigini buşlaýar. Diýarymyzyň ähli künjeklerinde bezelen dürli öwüşginli arçalary synlanyňda, Täze ýyl baýramçylygyna ýokary derejede taýýarlyk görülýändigini aýdyň görmek bolýar. Ähli obalarda, etraplarda we şäherlerde bu baýramyň ruhubelentliginiň alamaty hökmünde oturdylan bezemen arçalar göwnüňi göterýär, şähdiňi açýar. Ilatly ýerlerde, edara-kärhanalaryň binalarynyň öňündäki Täze ýyl arçalary uzaklardan öwşün atýar. Agşam çagynyň asuda asmanynda öwşün atýan “Älem” medeni-dynç alyş merkezinden paýtagtymyzyň iň bir gözel tebigatly künjeginiň ajaýyp görnüşleri açylýar. Bir ýandan Köpetdagyň garly gerişleri bilen ümmülmez meýdany tutup duran tokaý agaçlary, beýleki tarapdan täsin öwüşginlere beslenen, paýtagtymyzyň binagärlik nyşanlary bolan belent desgalary we kaşaň binalar göwünleri galkyndyrýar.

Günsaýyn gözelleşýän Aşgabadyň kaşaň bezegi, binagärlik aýratynlyklary tebigatyň keşbi bilen täsin sazlaşygy emele getirýär. “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda gurlup, ulanylmaga berlen täze binalar we desgalar baş şäherimiziň özboluşly gözelligine görk goşýar. Suw çüwdürimleriniň mukamyna hem-de  gül-gunçalara, ak mermere beslenen söýgi we ýaşlyk şäheri baýramçylyk lybasynda has hem gözel görünýär. Müňlerçe gök öwsüp oturan arçalar hem-de dürli şekilleriň sazlaşygy, dürli reňkde öwşün atýan täze ýyl bezegleri paýtagtymyzyň şaýollaryna we meýdançalaryna baýramçylyk öwüşgini çaýýar.

Şatlyk-şowhuna, şan-şöhrata beslenip gelýän täze 2022-nji ýylyňyz gutly bolsun! Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda rowaçlyklar ýoly bilen täze sepgitlere barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine çekýän il-ýurt bähbitli zähmetiňizde üstünlikler hemra bolsun! Goý, bütin türkmen halkynyň her bir ojagynda saglyk, abadançylyk, ýurdumyzda parahatçylyk höküm sürüp, täze 2022-nji ýyl rysgally, bereketli ýyllaryň biri bolsun!

 

Tyllagözel Garlyýewa,

S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.