Arheologlar Kaligulanyň döwründe gurlan berkitmäniň galyndylaryny tapdylar. Gala müňlerçe esger üçin niýetlenipdi. Gözlegçiler bu berkitmeleri imperator Klawdiýiň biziň eramyzyň 43-nji ýylynda Angliýany basyp alanda ulanan bolmagy ähtimal diýip hasaplaýarlar. Bu açyş Amsterdamdan 30 km uzaklykda Welsen şäherinde geçirildi. Bu ýerde ilkinji tapyndy 1945-nji ýylda tapylypdy. Şonda bu ýerden küýze bölekleri tapylypdy. Geçen asyrda geçirilen gazuw-agtaryşlar onuň kiçijik lagerdigini görkezdi. Gözlegçiler bu gala Flewum diýlip atlandyrylandygyny we Rimlileriň iň demirgazyk berkitmesi bolandygyny bellediler.