Ine ýene bir ýyl ahyrlap, Täze ýyl baýramçylygy ýetip geldi. Bu baýramçylyk bütin dünýäde uly şowhun, şatlyk bilen bellenilip geçilýär. Bedew bady bilen öňe sary ilerleýän güneşli diýarymyzda hem Täze ýyl baýramçylygy uludan baýram edilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda bu baýramçylyk mynasybetli dürli medeni çäreler geçirilýär.
Esasy baýramçylyk dabarasy Täze ýyl arçasynyň ýanynda geçirilýär. 31-nji dekabr güni paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary bu Täze ýyl arçasynyň töweregine ýygnanýarlar. Meýdançada ýurdumyzyň sungat ussatlary konsert maksatnamalary bilen çykyş edýärler. Sagat 00:00-da baýramçylyk dabarasy asmana atylan dürli öwüşgindäki feýerwerkler bilen utgaşyp gitýär.
Dünýäniň dürli ýurtlary Täze ýyl baýramçylygyny öz gadymdan gelýän däp-dessurlaryna görä garşylaýar. Gadymyýetden bäri halklaryň arasynda “Täze ýyly nähili garşylasaň, bütin ýyly şeýle geçirersiň” diýen ynanç bar. Şonuň bilen baglylykda, dünýä ýurtlarynda bu baýramçylyk mynasybetli dürli çäreler geçirilýär.
Angliýada gadymy däbe görä sagat 00:00-da öýüň içerki howla çykýan arka gapysy açylýan eken. Şeýdip köne ýyly geçirip goýberipdirler. Öň tarapdaky gapyny açyp bolsa Täze ýyly garşylaýarlar.
Wengriýada Täze ýylyň ilkinji sekuntlarynda adamlar çaga tüýdüklerini we dürli jürlewükleri çalýarlar. Wenger halky şeýtmek bilen öýdäki erbet ruhlary kowup, bagt we abadançylygy çagyrýandygyna ynanýarlar. Şeýle hem wengerler Täze ýyl naharlarynyň jadyly güýjüne ynanypdyrlar. Nohutdyr noýbanyň adam bedenindäki güýji saklaýandygyna, almanyň owadanlygy, söýgini, hozuň erbetliklerden goraýandygyna, balyň bolsa durmuşy süýjedýändigine ynanýarlar.
Germaniýada dürli ýaşdaky adamlar ýarygijede stoldyr oturgyja münüp, olaryň üstünden böküp düşýärler. Oba ýerlerinde bolsa gadymdan gelýän däp-dessurlar saklanyp galypdyr.
Gresiýada çagalar köwüşlerini pejiň gapdalynda goýýarlar. Ene-atalary onuň ýanyna sowgatlar goýýarlar.
Ispaniýada Täze ýyl gijesi üzüm iýmek däbi bar. Sagat 00:00-a çenli 12 üzüm dänesini iýmeli. 12 üzüm dänesi 12 aýy alamatlandyrýar.
Hytaýda Täze ýyl baýramçylygynda gijesine köçelerde we meýdançalarda kiçijik çyralar asylýar. Şol çyralaryň şöhleleriniň erbet ruhlary kowýandygyna ynanylypdyr.
Ýaponiýada Täze ýyl iň bir uly baýramçylyklaryň biri hasaplanýar. Ýapon çagalary Täze ýyly täze egin-eşikler bilen garşylaýar. Şeýle hem olar şol gije öz arzuwlarynyň suratyny çekip ýassygynyň aşagyna goýup ýatýarlar.
Kubada Täze ýylyň öň ýanynda öýdäki gap-çanaklary suw bilen doldurýarlar. Şol günüň ýarygijesinde bolsa aýnadan gap-çanaklardaky suwy döküp başlaýarlar. Şeýtmek bilen Kubanyň ýaşaýjylary Täze ýylda suw ýaly arassa we dury ýol arzuw edýärler.
Güljehre Karaýewa,
S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy