Hormatly Prezidentimiz Täze ýylyň garşylanýan pursatlarynda ýurduň ýeten derejesini, rowaçlyklara beslenýän menzillerini wasp edip, täze goşgy döredendigini we ony «Jan Watanym Türkmenistan!» diýip atlandyrandygyny aýdyp, ilki bilen öz maşgala agzalaryna okap berdi.
Jan Watanym Türkmenistan!
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW
Beýik döwlet, eziz ülke, dogduk depe, asly mekan,
Ählijesi seniň özüň, jan Watanym Türkmenistan!
Keremlidir ene toprak, keramatdyr mawy asman,
Edermendir ogul-gyzyň, jan Watanym Türkmenistan!
Öňe, öňe, diňe öňe! — biziň beýik şygarymyz,
Parahatçylyk ýolunda rüstemdir gül Diýarymyz,
Ynanyşmak şuglasydyr ol biziň ýürek nurumyz,
Sowulmazdyr bahar-ýazyň, jan Watanym Türkmenistan!
Şadyýanja çagajyklar bilbil bolup saýraýandyr,
Bagtyýarlyk hakykaty älem-jahana aýandyr,
Tenekar hem melhem bolup, howa siňip ýaýraýandyr
Ýer ýüzüne hoş owazyň, jan Watanym Türkmenistan!
Dost-doganlyk mukamydyr sungatlaryň gönezligi,
Onuň juda inçeligi, gözlere görünmezligi,
Döwürleriň, eýýamlaryň ol mukaddes gözelligi,
Ebedidir aýdym-sazyň, jan Watanym Türkmenistan!