Amerikan Aerokosmos edarasy (NASA) halkara kosmos bekediniň iş möhletiniň uzaldylandygyny habar berdi. Şeýle edilmegi söwda maksatly beketlere geçilmegini ýeňilleşdirer, onuň bahasyny azaldar we “Artemis” missiýasyna has köp üns bermäge ýardam eder. Birnäçe ýurduň bilelikde ýöredýän stansiýasynyň 2030-njy ýyla çenli uzaldyjakdygy mälim edildi. Mundan ozal bekediň iş möhleti birnäçe gezek yza süýşürilipdi. Täze ýylyň öňüsyrasynda “James Webb” kosmos teleskopynyň uçurylmagyny, geçen ýyl Jeff Bezosyň hem-de Ilon Maskyň kosmos syýahatçylygyny ýola goýmagyny, Hytaýyň kosmos bekediniň gurluşygyna başlamagyny, BAE-niň Mars missiýasyny (Emirates Mars-Hope) durmuşa geçirmegini geçen ýylyň kosmos pudagynda gazanylan üstünlikleri hökmünde bellemek bolar.

NASA-nyň ýolbaşçysy Bill Nelson  31-nji dekabr güni: “Halkara Kosmos Bekedi ýurtlaryň hyzmatdaşlyk edýän ýeri bolup, 20 ýyldan gowrak wagt bäri adamzada peýda getirmek üçin ajaýyp ylmy we tehnologik ösüşler gazandy. ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň ýolbaşçylygyndaky hökümediň bekediň operasiýalaryny 2030-njy ýyla çenli uzaldandygyna örän şat boldum”- diýip belledi.

Häzirki wagtda NASA “Blue Origin” ýaly kompaniýalar tarapyndan guruljak söwda maksatly beketlerden peýdalanmak isleýär. Şeýlelikde soňky ýyllarda kosmosa astronawt we ýük gatnatmak üçin hususy kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk edýän NASA geljekde beketleriň gurluşygyny hem hususy firmalara sargyt eder.