Halkara Kosmos Bekedinde iş alyp barýan kosmonawtlar täze ýyly 16 gezek garşy aldylar. Beketde iş alyp barýan 66-njy ekspedisiýanyň agzalary 2022-nji ýyla Ýeriň orbitasynda girdiler. Täze ýyl baýramyny bir saçagyň başynda jemlenip garşy alan kosmonawtlar ýatdan çykmajak pursatlary ýazga aldylar. Ýerden 400 km çemesi daşlykda aýlanýan beket sagatda 28 müň km tizlik bilen hereket edýär. Şeýle bolansoň, bu ýerde zähmet çekýän alymlar her günde 16 gezek Günüň dogup-batyşyna şaýat bolýarlar. NASA-dan Reja Çari, Tom Marşburn, Kaýla Barron we Mark Wande Heý, Ýewropa Kosmos Agentliginden Mattias Maurer we Roskosmosdan Anton Şkaplerow bilen Pýotr Dubrow 2022-nji ýyly asman giňişliginde garşy alan 37-nji ekipaž boldular. Ekipažyň agzalary Täze ýyl gijesi Maureriňkide “myhmançylykda” boldular. Germaniýaly Maurer myhmanlaryna “Saarland” atly tagam hödür etdi.
Ýeri gelende bellesek, häzirki wagtda Hytaýyň “Shenzhou 13” missiýasynyň çäklerinde “Tiangong” stansiýasyndaky kosmonawtlar (hytaýlylar “taikonawt” diýýär ) täze ýyly Ýeriň orbitasynda garşy aldylar. Çžaý Çžigan, Wan Ýapin (zenan) we Ýe Guanfu entek gurluşygy doly tamamlanmadyk stansiýada iş alyp barýarlar. Öňki ýyllarda Sowet Soýuzynyň (soňra Russiýa Federasiýasynyň) “Mir” stansiýasynyň 12 ekipažy we ABŞ-nyň “Skylab” kosmos laboratoriýasynyň bir ekipažy täze ýyl kosmos giňişliginde garşy alypdy.
Şeýlelikde 2022-nji ýyly dört ýurtdan jemi 10 adam kosmosda garşy aldy. Şeýlelikde bu ugurda hem rekord goýuldy.