Hytaýyň Milli kosmos müdirligi, Täze ýyl mynasybetli “Týanwen 1” zondundan alnan Marsyň täze suratlaryny ýaýratdy. Olary 2021-nji ýylyň fewral aýyndan bäri “Çžurong” marsohody bilen bilelikde işleýän “Týanwen-1” zondy surata düşürdi.
Suratlar müdirligiň web sahypasynda ýerleşdirildi. Suratlarda zonduň we Marsyň umumy suraty, “Týanwen 1” orbital enjamynyň doly görnüşi, planetanyň demirgazyk polýus tarapy we Marsyň ýüzüni surata düşürýän “Çžurong” marsohody göze ilýär. Müdirlik “Týanwen 1”-iň abat ýagdaýdadygyny görkezmek üçin suratlary goýmak kararyna geldi.
Suratlarda tylla reňkli orbital enjam hem-de Marsyň bir bölegi göze ilýär. Suratda gury (gaty kömürturşy gazyndan) we suw buzyndan ybarat polýar buz örtüklerinden başga-da, sowet konstruktory Sergeý Korolewiň adyny göterýän krater we dýuna meýdançasy “Olimpiýa”-ny görüp bolýar. Suratda Marsohod bilen birlikde planetanyň adaty relýefini görüp bolýar. Orbital enjamyň we marsahodyň kadaly işleýändigi we ýagdaýynyň gowydygy bellendi.
“Týaanwen-1” orbital enjamy 526 gün bäri Ýerden 350 million km uzaklykda işleýär, onuň bilen aragatnaşygyň gijikdirilmegi, takmynan, 19,5 minut. Marsohod Mars güni bilen planetada 225 gün bäri işleýär (bu planetada bir gije-günüň ortaça uzynlygy 24 sagat 37 minut). Bu döwürde ol 1400 metr ýol külterledi. Jemi iki enjam Mars hakda 560 GB maglumat ýygnady.