Saud Arabystanynyň demirgazyk-günbataryndaky Tabuk daglaryna 1-nji ýanwarda gar düşdi. Ýerli ýaşaýjylar ak gary şatlykly garşy aldylar. Hatda patyşalygyň beýleki sebitlerinden hem gyş manzaryny görmäge geldiler. Ýöne soňra howa şertleri sebäpli sebite barýan ýol ýapyldy.
Şeýle hem Müsüriň gündogaryndaky Hurgada şäherinde täze ýylyň ilkinji güni doly ýagdy. Bu, takmynan, 40 minut dowam etdi.